Hazar deňziniň halkara ulag geçelgesi hökmündäki
ornuny ösdürmek strategik ugurlaryň biri bolup, ilkinji gezek geçirilýän Hazar
ykdysady forumda bu babatda hem netijeli pikir alyşmalar geçirildi.
Forumyň çäklerinde guralan «Türkmen sährasy – 2019» atly
halkara serginiň Hazar deňziniň halkara ulag geçelgesi derejesini ösdürmäge
işjeň täsir etjekdigi ikuçsuzdyr.
«Türkmen sährasy – 2019» halkara sergisi dünýäniň
awtomobil gurluşy ulgamynyň ýeten derejesini şöhlelendirdi.
Örän uly meýdançany gurşap alýan halkara sergide ýeňil, ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň, ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri, awtomobil gurluşynda täze işläp taýarlamalar, audio-wideo serişdeleri görkezildi. Bu serginiň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen hünärmenleriň, gyzyklanma bildirýän taraplaryň işewür duşuşyklary hem guraldy.
Suratlar üçin «Multimediýa».
«Milli goşun».