Ikitaraplaýyn parlamentara
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu gün Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam
Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon
arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýakyn
parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek üçin uly mümkinçiligiň
bardygyny belledi. Şunda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň kanun
çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly kanunçylyk
ulgamynda tejribe alşylmagyna, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň,
geňeşmeleriniň guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda,
parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň
üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi.