milli goshun logo
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ädimi
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ädimi
04.04.2025 113 Habarlar

Düýn – 3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda üstünlikli ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilýändigini bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyrýan iş saparynyň birinji gününde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşyklary geçirdi.

Şu gün – 4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite, şeýle hem halkara klimat forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.