Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boldy.
Çykyş edenler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ikitaraplaýyn maksat edinilýändigini tassyklap, iki dostlukly goňşy ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň derejesinde hyznatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtadylar.