22-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda
wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi.
Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara
gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi
üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özara hereketlerine we
birek-birege kömek bermekleriniň derwaýyslygyna aýratyn üns çekdiler.
Şeýle-de dostlukly ýurtlaryň daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň arasyndaky özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagadaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Iki döwletiň halkara platformalarynyň çägindäki, aýratyn-da
abraýly sebit we halkara guramalarynyň ugry boýunça özara hyzmatdaşlyklarynyň
ähmiýeti nygtalyp geçildi.
Taraplar şeýle-de Türkmenistanyň we OYR-nyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriniň häzirki ýagdaýyna hem seredip geçdiler. Bu ugurda taraplar ulag, gurluşyk we energetika ulgamlarynda, hususan-da TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik toguny geçirijisi boýunça öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna hem üns çekdiler.