16-njy
dekabrda Türkmen halysynyň milli muzeýinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine
bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Bu hoş habar sanly wideoaragatnaşyk
arkaly şol gün geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt 9 — 14-nji
dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň
14-nji mejlisinde kabul edildi.
Haly muzeýinde
geçirilen baýramçylyk çäresine Medeniýet ministrliginiň, Dokma senagaty
ministrliginiň, «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň
wekilleri, sungaty öwrenijiler, belli artistler, ýazyjylar, alymlar we
žurnalistler hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar.
Meşhur
aýdymçylar, döredijilik toparlary halyçylyk sungatynyň waspyny ýetirýän tans
eserleri bilen şu günki dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Dabaraly
maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, el halyçylygynyň ajaýyp
sungatynyň, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbiniň gaýtadan dikeldilmeginde
we mundan beýläk-de ösdürilmeginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
şahsy goşandy ägirt uludyr.
ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir.