milli goshun logo
Türkmen lideri milli itşynaslykda gazanylan üstünlikler üçin hormatly atlary dakdy
Türkmen lideri milli itşynaslykda gazanylan üstünlikler üçin hormatly atlary dakdy
22.04.2021 677 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň  PERMANY

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň  «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde we kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Myratmuhammet Ýazyýewiç Seýidowa,

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň gulluk itşynaslygy bölüminiň kiçi gözegçi-itşynasy Ýazmuhammet Muhammetgurbanowiç Arçynowa,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynyň baş karargähiniň Operatiw müdirliginiň atçylyk we kinologiýa bölüminiň müdiriniň orunbasary — kinologiýa bölümçesiniň serkerdesi Atahan Aşyrmyradowiç Suhanowa,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Türkmen alabaý itleri» bölüminiň hasapçysy, hususy itşynas Mekanmuhammet Muhametgeldiýewiç Hanowa,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň taýýar önüm sehiniň çalşyk başlygy, hususy itşynas Durdymurat Bäşimowiç Garaýewe,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň Merkezi inžener tehnologiýa gullugynyň buraw başlygy, hususy itşynas Durdymämmet Mahmytmämmedowiç Meredowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň garawuly, hususy itşynas Haldurdy Gurbanmuhammedowiç Goçowa,

Lebap welaýatyndan hususy itşynas Rahmet Ahmedkulowiç Ýuldaşewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň matematika mugallymy, hususy itşynas Atamyrat Gulmyradowiç Süleýmanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.