milli goshun logo
Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahaty
Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahaty
18.04.2020 622 Habarlar

17-nji aprelde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu günki maslahatyň çäklerinde koreý kompaniýalarynyň, hususan-da, «Hyundai Engineering», «LG International», «GS E&C» kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we berkitmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek barada täze anyk teklipleri bilen çykyş etdiler.

Koreýanyň «KOMERI» deňiz enjamlarynyň ylmy-seljeriş instituty täze bilelikdäki resminamalary işläp taýýarlamagyň hasabyna hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda çykyş etdi hem-de maslahatlary guramakda we Türkmenistanyň deňiz floty üçin gämi gurluşyk ulgamynda öz hyzmatlaryny, enjamlaryny hödürlediler.

Suw hojalygynda we energetika ulgamlarynda ýöriteleşdirilen «Doosan Heavy Industries» kompaniýasy täze bilelikdäki taslamalary, hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.