29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň
ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen
duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň
öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletiň
Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa
Respublikasynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň
Prezidenti Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek
baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň
döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA)
prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda
dürli ugurlarda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.