27-nji noýabrda Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar
bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň
Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş bolup, soňky ýyllarda
türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny
belledi.
Gahryman Arkadagymyz türkmen-koreý
parlamentara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýeti boljak bu saparyň
çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, şeýle hem
iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalaryň
birnäçesine gol çekmek meýilleşdirildi diýip belledi we gazanylan ylalaşyklaryň
strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine
giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi.