Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň
anna güni geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly
hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna
girizilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl
medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde
geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.
Şunuň bilen
baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy
(ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemeli. Bu
ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň
subutnamasydyr. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary öz işini
hut şu esasda alyp barýar, degişli internet serişdesi hem döredildi.