Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk
Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň
agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti
bilen tanyşdylar.
...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde
wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri
Huaý Szinpen bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň wekili myhmany mähirli mübärekläp,
haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek
bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet
berýändigine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur
bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni
baglanyşyklydygyny nygtady.
O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen
bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw
bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi.
HHR-iň bilim ministri gaznanyň başlangyçlaryny doly
goldaýandygyny aýdyp, inklýuziw bilim, mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete
goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri
boýunça giňişleýin dialoga taýýardygyny mälim etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Hytaý Halk
Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti «Gugun» taryhy
köşkler toplumyna baryp gördi.
Toplum Pekiniň merkezinde ýerleşip, 500 ýylyň dowamynda
Min we Sin nesilşalyklarynyň imperatorlarynyň ýaşan köşgi bolupdyr. Häzirki
wagtda bu köşkler toplumy muzeý hökmünde hereket edýär. Köşgüň gurluşygy
1406-njy ýylda başlanyp, 15 ýyl dowam edipdir. Onuň gurluşygynda 1 milliona
golaý işçi, 100 müňe golaý beýleki hünärmenler zähmet çekipdir. Taryhy muzeý 72
gektar meýdany tutup, onuň çäginde 980-den gowrak bina we 8 müň 700-den hem köp
otag bar. Toplumyň daşy suwly garym we beýikligi 10 metr diwar bilen
gurşalandyr. Sary reňk hytaý imperatorlarynyň resmi reňki bolandygy üçin toplumdaky
binalaryň aglabasynyň üçegi bu reňk bilen boýalypdyr. Şeýle hem toplumyň
çäginde imperatoryň we onuň maşgalasynyň dynç alan, gezelenç eden seýilgähi
ýerleşýär. Ol 12 müň inedördül metr meýdany tutup, emeli baýyrlar, suw
howdanlary, ýodajyklar bilen sazlaşykly utgaşýan adaty hytaý äheňinde
döredilipdir. Irki döwürlerde bu ýerde dürli baýramçylyk çäreleri geçirilipdir.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary «Gugun» taryhy köşkler
toplumynda ýadygärlik surata düşdüler.
...Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça
döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti mähirli
kabul edilendigi üçin öz adyndan, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň adyndan
minnetdarlyk bildirip, saparyň çäklerinde HHR-iň Hökümetiniň wekilleri bilen
netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.
HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň
başlygynyň orunbasary myhmany mähirli mübärekläp, Hytaý bilen Türkmenistanyň
arasyndaky netijeli ösdürilýän ynsanperwer gatnaşyklara ýokary baha berdi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler lukmançylygyň hemişe
ösýän we kämilleşýän ulgamdygyny nygtap, saglygy goraýyş ulgamynda netijeli
dialogyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň
gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary
Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar
merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky
gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili mähirli garşylady.
Çagalar bakja-bagy bilen tanyşlykdan soňra, Oguljahan
Atabaýewa merkeziň «Innowasiýalar giňişligi» bölümine baryp gördi. Bu ýerde
çagalar programmirlemegiň we konstruktorçylygyň esaslaryny özleşdirip, robot
nusgalaryny döredýärler.
...Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda Hytaýyň Min we Sin
nesilşalyklarynyň zenan lybaslary, taryhy şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu
ýerde hytaý operasyndan parçalar ýerine ýetirildi. Munuň özi özboluşlylygy
bilen tapawutlanýan gadymy hytaý sungatynyň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik
berdi.
Tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa merkeze mundan
beýläk-de netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýerde dostlugyň nyşany hökmünde
ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym
Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. O.Atabaýewa Hytaýa gelmäge çakylyk, şeýle
hem bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, geljek üçin anyk
taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň işi bilen
ýakyndan tanyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun
Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy
konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň
Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy
hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.
Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Şanhaý şäheriniň
häkimi Gun Çžen bilen duşuşygy boldy. Gun Çžen O.Atabaýewany mähirli
mübärekläp, bu duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de türkmen
wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny
hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.