milli goshun logo
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi we halkara sergisi
Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi we halkara sergisi
27.05.2019 617 Habarlar

26-njy maýda paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi — türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Watanymyzyň ähli künjeklerinde geçirilen dabaraly duşuşyklar, çeper sergiler, ylmy maslahatlar we konsertler türkmen halylarynyň üýtgeşik gözelligine hem-de çeper elli halyçylarymyza, olaryň haýran galdyrýan zehinine bagyşlandy.

Baýramçylygyň hormatyna tutuş ýurdumyz boýunça çeper elli halyçylaryň arasynda bäsleşikler geçirildi. Olar iň gowy işlerini — çeperçilik gymmatlygy hem-de janypkeş zähmeti bilen tapawutlanýan halylaryny görkezdiler. Ussat halyçylar gadymy gölleri başarnykly utgaşdyryp, halynyň ýüzünde täze häzirki döwrüň şekilini emele getirdiler.

Dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza Ýewropanyň hem-de Aziýanyň dürli döwletlerinden, şol sanda Germaniýadan, Fransiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan myhmanlar geldiler.