Milli
halyçylyk sungatymyz şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde
dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara
sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň
«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň
bezegine öwrüldi.
Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna
wekilçilik edýän elde dokalýan haly önümleriniň iri öndürijileri hem sergä
gatnaşyjylaryň hatarynda boldular.
Türkmen haly we haly önümleri umumy meýdany 200 inedördül metr meýdandan ybarat bolan meýdançada sergilenýär.
Birleşen Arap Emirliklerinde geçýän abraýly sergä gatnaşylmagy halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berer. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzyň halyçylyk ulgamynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, halyçylarymyzyň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirlerini durmuşa geçirmek boýunça täze kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi hem-de bar bolan önümçilik bölümleriniň durkunyň täzelenmegi ýaly işleriň netijesinde mümkin boldy. Sergi fewral aýynyň 14-ne çenli dowam eder.