milli goshun logo
Türkmen halylary adamzadyň medeni mirasynyň merjenidir
Türkmen halylary adamzadyň medeni mirasynyň merjenidir
31.05.2021 776 Habarlar

30-njy maýda tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çäreler guralýar.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaralandyrylýar. Hut şu ýyl özüniň 140 ýyllyk senesini bellän ak mermerli paýtagtymyzda esasy baýramçylyk dabaralary boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi, «Gözellik nusgasy-türkmen halysy» atly halkara maslahaty, söwda toplumynyň sergisi guraldy.

Baýramçylyk çäreleri dünýä jemgyýetçiligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten derejesi bilen tanyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilige öwrüldi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilýän iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.