Şu gün türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça
dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady.
Gahryman
Arkadagymyz Hytaýa ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu
ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň
ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň
hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Parlamentara hyzmatdaşlyk,
syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ugurda özara
saparlar yzygiderli guralýar. Munuň özi hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan
baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk
wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş,
Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň
Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili”
başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem bu
ählumumy başlangyçlar ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli
medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar.
Halk Maslahatynyň
Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini
nygtady. Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň
bilim almagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen
wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Sun
Sinlin adyndaky gaznanyň hem-de dostlukly ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary
bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky Ylmy-tehniki we
medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine barlyp görlendigini aýtdy. “Bu
sapar ýurtlarymyzyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde we çagalaryň
abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime
öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni jemledi.
...Gahryman
Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet
baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Haly
düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu
ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary
mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär.