Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries,
Ltd.» ýapon kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen
duşuşdy.
«Watan»
habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda «Kawasaki» kompaniýasynyň
ýerine ýetiriji direktory duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2
ýyllygy bilen gutlady. Ol pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we
Premýer-ministriniň Gahryman Arkadagymyza
iberen mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip,
dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň
barşynda Türkmenistanyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaş hasaplanylýan
Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi
aýdyldy.
Söhbetdeşlikde
«Kawasaki» kompaniýasy bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli
häsiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy we «Kawasaki» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji
direktory duşuşykda geljekki täze taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Gahryman
Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň «Kawasaki» kompaniýasynyň
döwrebap, täze taslamalar babatda tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Işewür
Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçiliklerdir şertler
üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk
borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyny belledi.