Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň halkara ähmiýetli wakalara baý günlerinde Size Bütindünýä
Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we
diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň
gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň
uzak bolmagyny, halkymyzyň sagdyn durmuşy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan
döwlet ähmiýetli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň adamzat ähmiýetli, parahatçylyk söýüjilikli,
ynsanperwer we köpugurly döwlet syýasatyňyz, raýatlarymyzyň saglygy, sagdyn
durmuşy ugrundaky bimöçber aladalaryňyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna
hemmetaraplaýyn hemaýat etmek babatdaky oňyn tagallalaryňyz bilen utgaşyp,
häzirki döwürde Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde
abraý-mertebesi has-da belende göterilýär. Munuň özi halkymyzyň
döwletliliginden, agzybirliginden we bagtyýarlygyndan, aýratyn-da, umumadamzat
bähbitli başlangyçlaryň, ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, galkynyşa
beslenen döwrümizde adam, onuň saglygy we abadan durmuşy barada edilýän
aladanyň, ynsan gymmatlygyna goýulýan hormat-sarpanyň ýokarydygyndan nyşandyr. Siziň
belleýşiňiz ýaly, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny
gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Eziz Watanymyzda bedew batly ösüşleriň giňden
dabaralanýan günlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary sylagy
bilen sylaglanylmagyňyz Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň saglygy goraýyş
ulgamynda alnyp barylýan işlere, Bitarap Türkmenistanyň lukmançylyk
diplomatiýasyny ösdürmekdäki halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary bahadan
nyşandyr. Diýarymyzda lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda
hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürlüp, Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen
işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan
saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni
we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki
merkezleri açylyp ulanmaga berildi, köpugurly hassahanalar, derman
serişdelerini öndürýän kärhanalar yzygiderli gurulýar.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň düzüm
birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş
ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryň we
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň
jemgyýetçilik saglygy goraýşyny üpjün etmek ugrunda drakunkulýozyň,
poliomielitiň, gyzzyrmanyň, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keselleriň doly
soňuna çykylandygy, duzuň ýodlaşdyrylandygy, unuň demir we foliý turşusy bilen
baýlaşdyrylandygy barada ýurdumyza halkara güwänamalardyr şahadatnamalar
gowşuryldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy eneligi we çagalygy goramak
meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýar, çagalaryň hem-de
ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýalary, hereketleriň meýilnamalaryny
işläp taýýarlamakda goldaw berýär. Şeýle-de bu gurama we Türkmenistan 2035-nji
ýyla çenli inçekeseliň dünýäde ýaýramagyny ýok etmek maksady bilen, inçekesele
garşy göreşmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Size Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy
goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan
goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy mynasybetli Sizi türkmen
halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent,
halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan
beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,