Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
şäherine ugrady. Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli
Liderini resmi adamlar ugratdylar.
Biraz
wagtdan Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara
howa menziline geldi. Howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli
garşylanyldy.
«Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Parahatçylygy
saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar
dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli
garşylady.
Bu
ýerde bolan duşuşygyň barşynda Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň
ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
Gahryman Arkadagymyzy dünýä belli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän giň gerimli
halkara çäreler mynasybetli gutlady. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we hormatly
Prezidentimize iberen salamyny, rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hazar
deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmaga iberilen çakylygy
kabul edendigi üçin Walentina Matwiýenko hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa
Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça sazlaşykly
ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň
çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeldýärler. Şeýle hem ýokary derejede
geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar
özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar berk
dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet derejesinde ýola goýlan netijeli we dostlukly gatnaşyklar
türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirýär.
Awazada
halkara zenanlar dialogynyň geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi
Türkmenistanda zenanlaryň zähmetine we ösüş ýollaryna aýratyn hormat
goýulýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Şeýle hem myhman Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän
halkara çäreleriň guramaçylykly we netijeli häsiýete eýe bolmagynda mynasyp
paýynyň bardygyny belledi.
Häzirki
wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli syýasy-ykdysady gatnaşyklar,
şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça ýola goýulýan
hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklar halkara
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi özara tejribe alyşmakda
we parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.
Bellenilişi
ýaly, ertirki geçiriljek halkara çäreler halkara gatnaşyklaryň taryhynda
ygtybarly meýdança bolup hyzmat eder. Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda
ylym-bilim ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar hil taýdan täze derejä
çykaryldy. Häzirki döwürde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen
ýaşlarynyň müňlerçesi bilim alýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň
ajaýyp kenarynda geçirilýän giň gerimli halkara çäreleriň netijeli
gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine kuwwatly itergi
berjekdigine ynam bildirildi. Aýratyn-da, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly
ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogynyň işine üstünlik
arzuw edildi.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk,
jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we
Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Biraz salymdan Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.