Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Gahryman
Arkadagymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Diwanyndan paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menziline geldi. Howa menzilinde
Milli Liderimiz ýurdumyzyň resmi adamlary bilen söhbetdeş boldy.
Mälim
bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA gatnaşyjy döwletleriň
Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirilýär. Gahryman
Arkadagymyz bu wakanyň ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydygyny
aýtdy. Şunuň bilen birlikde, plenar mejlisde möhüm çözgütleriň kabul
ediljekdigi aýdyldy.
Halk
Maslahatynyň Başlygy ertir Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ÝUNISEF bilen
bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Arzuw ganatlary» atly dabaranyň
geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu
dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe
tabşyryklary berdi.
Biraz
wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi.
Bu ýerde hormatly Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow GDA
gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisini
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin görlen taýýarlyk işleri barada
maglumat berdi.
Milli
Liderimiz bu mejlisiň parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde
möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, ony ýokary derejede geçirmek babatda
ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde, hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda ýurdumyzyň sebitlerinde halkyň abadançylygyna gönükdirilen
işler durmuşa geçirilýär. Dürli ugurlarda uly üstünlikler gazanylyp, täze
sepgitlere ýetilýär. Dünýä döwletleriniň, iri halkara guramalaryň
wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar özara bähbitli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary
işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna
bardy we bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň ýolbaşçylary bilen
duşuşdy.
GDA-nyň
Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko GDA-nyň
Parlamentara Assambleýasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza şu günki duşuşyk
üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
«Biz
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işine, umuman, parlamentarizm institutynyň
ösdürilmegine berýän üýtgewsiz ünsüňize hakykatdan hem ýokary baha berýäris.
Siziň bilen gowy habary paýlaşasym gelýär: ýaňy-ýakynda, 16-njy noýabrda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler
Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly
Kararnama makullanyldy. Kararnamanyň kabul edilmegi GDA-nyň ýokary halkara
abraýyny we häzirki zaman dünýäsinde ornunyň ýokarlanýandygyny tassyklaýar»
diýip, Walentina Matwiýenko aýtdy we bu möhüm resminamanyň onuň awtordaşlarynyň
biri bolup çykyş eden Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk edýän ýylynda kabul
edilmeginiň ähmiýetini belledi.
Walentina
Matwiýenko parlamentara gatnaşyklary goldaýandygy hem-de ýurtlaryň we halklaryň
arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary
üçin Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň
Mejlisine GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesini bermek
baradaky çözgüdi goldandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan
etdi.
Soňra
W.Matwiýenko uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyza söz berdi.
Milli
Liderimiz, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli
salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Walentina Matwiýenkonyň ýurdumyza berýän
ýokary bahasyna kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän
ýylynda Parlamentara Assambleýanyň mejlisiniň ýurdumyzda geçirilmeginiň
guwandyryjy wakadygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz şu gün GDA-nyň
Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisiniň, ertir bolsa onuň 61-nji
plenar mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň
Parlamentara Assambleýasy barada aýdyp, onuň köp ýyllaryň dowamynda hereket
edip gelýändigini we ygtybarly kanunçylyk binýadyny döredendigini nygtady.
1992-nji ýylda bu düzümiň döredilen döwründe ykdysady meseleler hyzmatdaşlygyň
esasy ugurlary bolupdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gün tertibindäki
syýasy, durmuş, ynsanperwer meseleler hemişe ykdysady binýada esaslanýar.
«BMG-niň
Baş Assambleýasy 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwlet hökmünde
Türkmenistanyň hödürlän BMG bilen GDA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky
ikiýyllyk Kararnamany kabul etdi. Resminamanyň awtordaşlary bolup Türkmenistan
bilen bir hatarda, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy,
Nikaragua, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Özbegistan hem çykyş etdi» diýip,
Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirdi. Baş Assambleýa bütindünýä guramasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini
ilerletmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny höweslendirýän, BMG-niň Tertipnamasynyň
maddalaryna salgylanyp, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynda Arkalaşyga synçy
derejesiniň berlendigine esaslanyp, GDA agza döwletleriň BMG-niň
Tertipnamasynyň maksatlaryna hem-de ýörelgelerine laýyk gelýän maksatlara
ýetmek ugrundaky tagallalaryny goldaýar» diýlip resminamada aýdylýar.
Baş
Assambleýa ykdysady, durmuş, medeni, ynsanperwer häsiýetli halkara meseleleri
çözmekde halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň BMG-niň maksatlarynyň biridigini
ýene bir gezek tassyklady. Resminamada 2026-njy ýylda GDA-nyň döredilmegine 35
ýyl dolýandygy bellenilýär we Arkalaşygyň öz agza döwletleriniň arasynda
sebitleýin dialoga, hyzmatdaşlyga ýardam bermekdäki goşandy ykrar edilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň BMG-niň ulgamynyň edaralary, maksatnamalary
we gaznalary bilen özara hereketini işjeňleşdirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga
ymtylyşy goldanylýar.
Mundan
başga-da, Kararnamada GDA-nyň söwda, ykdysady ösüş, statistik maglumatlary
alyşmak, ykdysady maglumat, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport,
syýahatçylyk, ylym we innowasiýalar, daşky gurşawy goramak hem-de tebigy we
tehnogen betbagtçylyklara garşy göreşmek ýaly ugurlarda sebitleýin
hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alyp barýan işi görkezilýär. Guramaçylykly
jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň
bikanun dolanyşygyna, terrorçylykly hereketlere, ekstremizmiň ýüze çykmalaryna,
bikanun migrasiýa garşy göreşmek, şeýle hem şunuň bilen baglanyşykly beýleki
ulgamlardaky işler aýratyn bellenip geçilýär.
«Baş
Assambleýa BMG-niň ulgamy bilen GDA-nyň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşykly
hereketleri berkitmegiň wajypdygyny görkezdi hem-de şu maksatlara ýetmek üçin
BMG-niň Baş sekretaryna Arkalaşygyň Baş sekretary bilen yzygiderli geňeşmeleri
geçirmegi teklip etdi. Ýokarda aýdylanlar bilen bir hatarda, Kararnamada
ýöriteleşdirilen edaralara, beýleki guramalara, BMG-niň ulgamynyň
maksatnamalaryna we gaznalaryna, halkara maliýe institutlaryna GDA bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýän düzgünler bar» diýip, Milli Liderimiz
sözüni dowam etdi we bu waka bilen hemmeleri gutlady.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, GDA-nyň Parlamentara
Assambleýasynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy
kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Ermenistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Nikol Paşinýana, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr
Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putine, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny, iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy hemmelere üstünlikleri arzuw edip, GDA-nyň Parlamentara
Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
GDA-nyň
Parlamentara Assambleýasynyň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko mazmunly çykyşy
üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol mejlisiň işine
döredilen mümkinçilikler we şertler üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize
hoşallygyny beýan edip, Awazada geçirilýän çäreleriň halklaryň arasyndaky
dostlugy has-da pugtalandyrmaga, gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini
belledi.
Gahryman
Arkadagymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Türkmenbaşy
Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz ýurdumyzyň resmi
adamlary bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Arkalaşygyň
giňişliginde parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, GDA-nyň
maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny
pugtalandyrmakda ähmiýetini belläp, mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegi babatda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli
tabşyryklary berdi.
Gahryman
Arkadagymyz bu halkara çäräniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden
şöhlelendirilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Bu
ýerde Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Milli
Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýdyp, bu işleri ýokary depginde
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa Arkadag menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň
resmi adamlary mähirli garşyladylar.