milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
14 sagat öň 30 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Hususan-da, Arkadag şäheriniň önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalarynyň, şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Täze şäheriň Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumat berildi.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bekedinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Arkadag merkeziniň otaglarynyň, mejlisler, duşuşyklar zallarynyň enjamlaşdyrylyşyna ösen tejribelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz öz çägini barha giňeldýän täze şäherde geljekde oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen işleri ýokary hilli alyp barmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.