milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21 sagat öň 17 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ekologik ýagdaýy, şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.

Milli Liderimiz ir säher bilen “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň gurluşyklarynyň dowam edýän ýerine geldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bahar pasly bu künjegiň tebigatyna gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Köpetdagyň eteginiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän şäheriň binagärlik keşbi bu ýerde şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.

Hajy Arkadagymyz metjidiň gurluşygyna, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, onuň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň “Allanyň öýi” hasaplanýan kaşaň binanyň ähmiýetine laýyk gelmegini üpjün eder. Bu ýerde metjidiň esasy binasy bilen bir hatarda, onuň minaralarynyň, beýleki ugurdaş desgalaryň girelgesiniň, metjidiň muzeýiniň gurluşyk işleri batly depginde dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň biri bolan metjidiň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine zerur üns berilmelidir. Şunda amala aşyrylýan işleriň uzak geljege gönükdirilýändigini ünsden düşürmeli däldir.

Soňra iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7 müň 368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4 müň 284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Jaýlaryň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Arkadag şäheriniň açylan wagtyndan bäri geçen sanlyja ýylyň içinde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, olara ilatyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Guraljak dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklarymyza bolan ählihalk söýgüsi, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi öz beýanyny tapmalydyr.