Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdymyzda saparda bolýan «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň
müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşygynyň dowamynda «Daewoo»
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň taekwondo federasiýasynyň
türkmen halkynyň Milli Liderine taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini,
ýagny dokuzynjy danyny bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we degişli
sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasyny gowşurmaga rugsat bermegini
Gahryman Arkadagymyza haýyş etdi.
Soňra
Koreýa Respublikasynyň taekwondo federasiýasynyň ýolbaşçysy sporty dünýäde
giňden wagyz etmekde, onuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, bu
ugurda ýaşlara görelde bolmakda, şeýle hem Türkmenistanda taekwondony
ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa
taekwondonyň dokuzynjy danynyň berlendigini tassyklaýan sertifikaty hem-de
ýörite taekwondo sport lybasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Gahryman
Arkadagymyz bu sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony
ähli türkmen taekwondoçylaryna berlen sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde
taekwondonyň hem ösdürilmegi üçin mundan beýläk-de ähli şertleriň
dörediljekdigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine aýratyn ähmiýet berdi.