Türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa
stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen
tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud
Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk
görýär.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary
we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň
oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç
bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň
belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän
jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz
başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede
dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä
ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri
ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara
maslahatlaryny berdi.