Düýn – 20-nji
dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň özüni halkara gatnaşyklaryň jogapkärli, hormata mynasyp gatnaşyjylary hökmünde görkezendikleri bellenildi. Şunda RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Bitarap Türkmenistanyň parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasatyna aýratyn ünsi çekdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.