Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda
bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde
gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil
taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «akylly» şäher konsepsiýasy
esasynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag
düzümine degişli desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we
senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we
talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we hormatly Prezidentimiziň
Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň şowly geçmegini arzuw etdiler.
B.Annamämmedow hem-de D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, durky täzelenilmegi
meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada hasabat berdiler. Bu ýerde
görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda «Ahalteke atlary» şaýolunyň ugrunda
guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde
goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy
howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamyň
Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, «Arkadag
Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň, çaga iýmitleriniň
görnüşleri, Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň
demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bar.
Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe
bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan
arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş, önümçilik maksatly binalaryň
hersiniň ähmiýetine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Täze şäheriň girelgesiniň bezeg işlerinde Arkadag
şäherine mahsus bezeg serişdeleriniň, degişli şekilleriň ýerleşdirilmegi
maksadalaýyk bolar. Şunda degişli düzümler tarapyndan bilelikde tagalla
edilmelidir. Arkadag şäheriniň çäklerinde guruljak täze desgalaryň taslamalary
taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz
öňünde tutulmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz binalaryň gurluşyklarynda
ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtyň özünde bu künjegiň
tebigy aýratynlyklaryna, ekologik ýagdaýyna ähmiýet berilmeginiň möhüm talap
bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan we
meýilleşdirilen işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine
ýetirilmelidigini, görkezilen taslamalara girizilen düzedişleriň degişli
derejede berjaý edilmelidigini aýtdy we binalaryň gurluşyklarynyň bellenilen
möhletlerde tamamlanmagy, şunda ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň
işjeň ulanylmagy babatda öz maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen tanyşlygy tamamlap,
binanyň daşyna çykdy we bu ýerde dürli maksatly binalaryň üçekleriniň örtüginde
ulanylýan, häzirki döwürde önümçiligi ýola goýlan üçekleriň görnüşlerini
synlady. Bu ýerde olaryň dürli görnüşleri, reňk aýratynlyklary görkezildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda täze şäherde gurulýan
binalaryň üçekleriniň örtükleriniň reňkiniň her bir desganyň ähmiýetine
laýyklykda seçilip alynmalydygyny belläp, olaryň milli binagärlik
ýörelgelerine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ulanylmalydygyna ünsi
çekdi. Şäheriň gurluşygynda ulanylýan bezeg we gurluşyk serişdeleriniň
amatlylyk derejesine, bezeg aýratynlyklaryna, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk
gelmelidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň kesgitlenen
wezipelere laýyklykda amala aşyrylmalydygyny belledi.