Şu gün ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan
Arkadag şäherinde-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga
berildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilen
günlerinde guralan asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň
ähmiýetini has-da artdyrdy.
...Ir bilen
Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň
geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Çäräniň
dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynyň
ýaýbaňlandyrylmagy sogap işe gatnaşýanlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Sungat
ussatlary hoş owazly aýdymlary bilen milli sungatymyzy ösdürmek ugrunda
döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabara gatnaşýan
oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzdan ählihalk
bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Milli Liderimiz bag nahalyny
oturdyp, sogap işe badalga berdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly işe körpe nesliň wekili bilen bilelikde
badalga bermegi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň
rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Gahryman
Arkadagymyz sogap işe gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa
sowgat gowşurdy.
Oglanjyk Milli
Liderimizden özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi. Hormatly
Arkadagymyz oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata
düşdi we körpe nesilleriň alýan bilimi, oglanjygyň höwes edýän hünäri bilen gyzyklandy.
Oglanjyk okuwyndan daşary, çeper döredijilik bilen meşgullanmaga, sanly ulgamyň
täzeçil usullaryny özleşdirmäge höwes edýändigi barada gürrüň berdi.
Arkadag şäherinde
ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman
Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, agzybirlikde köpçülikleýin bag nahallaryny
oturtdylar.
Bu ýerde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, şäheriň çäklerinde degişli ekologik
derejäni saklamak, onuň çäklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça edilýän giň
möçberli tagallalar barada maglumat berildi.
Gahryman
Arkadagymyz ekologiýa babatda köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan
“akylly” şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli häsiýete
eýe bolmalydygyny belläp, bu ýerde ýokary ekologik derejäni üpjün etmek boýunça
degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda maslahatlaryny
berdi. Şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti
esasynda hem bu ýerde bag nahallary oturdyldy.
Milli Liderimiz
dabara gatnaşýanlaryň bilelikdäki yhlasy netijesinde täze şäheriň ekologik
ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän sogap işleriň geçirilmeginiň
ähmiýetini nygtady. Şunda medeniýet we sungat ussatlarynyň milli
gymmatlyklarymyzy, türkmen topragyny mynasyp derejede wasp etmekleriniň
ähmiýetine üns berildi. Asyrlaryň dowamynda sungat ussatlary, bagşy-sazandalar
halkymyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan şanly wakalara özboluşly bezeg
beripdirler. Bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap dowam etdirilmegi
asylly işlere özboluşly öwüşgin çaýýar.
“Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň
birine öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasynda sungat ussatlarynyň çykyşlary
has-da täsirli boldy. Meşhur estrada aýdymçylary joşgunly aýdym-sazlary bilen
bagtyýar zamanamyzy we asylly işleri amala aşyrýan halkymyzyň döredijilikli
zähmetini wasp etdiler. Olaryň çykyşlary ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň
bagtyýarlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
asylly işleriniň senasy bolup ýaňlandy.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri sungat ussatlarynyň çykyşlaryna minnetdarlygyň nyşany hökmünde
olara toý serpaýlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dabaraly
çykyşlara gatnaşyjylaryň ählisine, şol sanda körpe nesillere toý serpaýlarynyň
gowşurylmagy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bagşy-sazandalar, tansçylar,
beýleki dabara gatnaşyjylar gowşurylan toý serpaýlary hem-de süýjülikli
sowgatlar üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan
etdiler.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan
asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.