27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär. Bu baýramçylyk harby gullukçylar üçin gullugyna buýsanmaga esas bolsa, ozalky harbylar üçin gulluk eden döwürlerini ýatlamaga hem-de şol wagtlar barada söhbetdeşlik etmäge ýakymly mümkinçilikdir. Harby gulluga täze çagyrylýan ýaşlara özlerine goşun gullugynda nämeleriň garaşýandygyny bilmek gyzyklydyr. Bu baýramyň öň ýanynda TDH-nyň habarçysy çagyryş boýunça harby gullugy geçýän türkmen esgerleriniň durmuşynyň adaty bir güni hakynda gürrüň bermek maksady bilen, ýurdumyzyň harby bölümleriniň birinde boldy.
… Entek Gün dogmandy. Esgerleriň ýatak jaýynda asudalykdy. Rota boýunça nobatçynyň sagadynyň dilleri irden 5 sagat 50 minudy görkezýärdi, emma ol “oýanmaly” diýen buýrugy bermäge taýýardy.
Bu günüň iş tertibi wzwod serkerdeleriniň orunbasarlary bilen öňünden düzülipdi. Esgerlere gyzykly gün garaşýar, nobatdaky gulluk gününiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýan nobatçy haýaljakdan gymyldaýan sagat dillerine seredip, “Rota, turuň!” buýrugyny bermäge taýynlanýar.
Esgerler üçin adaty çagyryş bolan bu ses tutuş harby bölüme ýaýraýar. Garaňkylykdan soň gözüňi ýaşardýan gün şöhlesi düşýär. Esgerleriň ak gar ýaly tämiz ýorgan-düşekleri herekete gelýär, ýatylýan otaglarda hemmelerden öňürti geýinmäge çalyşýan esgerleriň hereketleri barha çaltlanýar.
Täzeje esger lybasyny iň tiz geýnen harby gullukçy gürrüň berýär: “Men her gün irden sagat 6-da oýanýandygym, hemişe ýorgan-düşegimi tertipli ýygnaýandygym we bir pursady hem peýdasyz geçirmeýändigim barada ene-atama ýazýan hatymda buýsanç bilen habar berýärin. Ejem bolsa maňa ynanmaýar. “Beýle bolup bilmez! Seni öýde topuň sesi bilen hem oýaryp bolanokdy ahyryn diýip jogap berýär”. Ol keýpiçag ýagdaýda ýatylýan otagdan çykýar, beýleki esgerler onuň göreldesine eýerýärler.
Adaty irki maşklar täsin sazlaşygy emele getirýär, haçan-da olar hemmeler tarapyndan bir wagtda ýerine ýetirilende rota birek-birege wepaly ýoldaşlaryň bitewi toparyny döredýär, olar eziz Watanymyzy goramak maksady bilen birleşendirler.
Irki maşklardan hem-de bedeni berkidýän beýleki türgenleşiklerden soňra esgerler öz serkerdeleri bilen sport meýdançasynyň töwereginde 3 kilometrlik uzaklyga ylgamaga gönükýärler. Esgerlere garap olaryň keşbinde ýadawlyk alamatynyň ýokdugyna haýran galýarsyň. Olaryň hemmesi islendik wagt iň bir ýeňil bolmadyk buýrugy ýerine ýetirmek üçin sak durýarlar.
Esger ädikleriniň dürküldisi tutuş giňişligi gaplap alýar. Hiç kim özbaşdak ilkinji ädimi ätmeýär – bu ýerde her bir esger – bütewi göwräniň bölegidir. Ylgaw wagtyndaky her bir hereket oňat taýýarlanylan tomaşany ýada salýar, emma bu hereketler ýörite türgenleşilmändi.
– Bu sazlaşykly hereket esgerlere jadylaýjy täsir edýär – diýip, harby gullukçylaryň biri tejribesini paýlaşýar. – Munuň özi örän ýadaw wagtyňda hem ýene gujuryň artýandygyny duýmaga ýardam berýär. Goşunda gulluk eden islendik esger unudylmajak şeýle duýgulary hemişe ýatlap gelýär, şeýle duýgulary diňe bu ýerde, öz ýoldaşlaryň ýüzlerçesi bilen bilelikde alyp bolýar.
Ylgaw tamamlanyp barýar. Hemmeler ýadandyrlar, emma olaryň ýüzlerinde Watan goragyna söweşe girmäge hem taýýardyklaryny duýmak bolýar.
Bu gün esgerler ýeralma üwmeji we buglanan sygyr etinden, gaýnadylan tüwüden hem-de gök önümlerden ybarat ertirlik edindiler. Şeýle hem olara täze bişirilen çörek, gyzgyn çaý, bal we mesge, ter gyzyl almalar berildi.
Her gün lukmançylyk bölüminiň işgärleriniň naharhanada arassaçylyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini berk barlaýandyklaryny, şeýle hem naharyň hiline baha berýändiklerini görýäris. Esasy zat ähli esgerleri dürli görnüşli, peýdaly we ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmekdir, şeýle tagamlar esgerleriň saglygyny berkidýär.
Ertirlik tamamlanandan soňra esgerler ýene-de rotalara bölünip, nyzam meýdançasyna ýygnanýarlar. Serkerdeler Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty barada gürrüň berýärler. Şu günüň we hepdäniň wakalary bilen tanyşdyrylýar. Esgerler ýurtda emele gelen ýagdaý barada hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä derejesinde gazanýan üstünlikleri barada anyk maglumatlary almak bilen, eziz Watanymyza wepaly gulluk etmek ruhuna beslenýärler.
Esger üçin iň jogapkärli pursat ýetip gelýär, ol söweşjeň taýýarlygydyr. Her bir rota günüň dowamynda dürli harby tilsimleri özleşdirýär, esgerler harby taglymatyň nazaryýeti we iş tejribesi bilen tanyşdyrylýar. Bu gün olaryň bir topary harby bilimleri ele almak üçin okuw otaglaryna gitseler, beýlekileri türgenleşik enjamlarynda dürli päsgelçiliklerden geçmegi öwrenýärler, awtomatdan atmak endigini ele alarlar.
… Rotanyň serkerdesi türgenleşik meýdançasyna gitmäge taýýarlyk görmegi buýurýar, ol ýerde esgerler atyş taýýarlygyny geçerler. Bir aýyň dowamynda olar nazaryýet bilimlerini ele aldylar, öz göterýän ýaragynyň tehniki häsiýetnamalaryny içgin öwrendiler, ony nähili ulanmalydygyna düşünýärler. Iş ýüzünde öz başarnyklaryny görkezmek wagty geldi.
Ýörite lybaslary geýip, özlerine berkidilen enjamlary, ýaragy we ýol torbany, oklary alyp, esgerler türgenleşik meýdançasyna tarap gadam urýarlar, meýdança harby bölümden uzakda ýerleşmeýär.
Atyş tälimi boýunça ýolbaşçy gözükdirme geçýär, tabşyrygyň aýratynlyklaryny düşündirýär. Nazaryýetde alnan bilimleri ýatladýar, gymmatly maslahatlar berýär. Ok atyjy ýaraglar ulanylanda howpsuzlyk düzgünine uly üns berilýär. Gözükdirme tamamlanandan soňra çalt sorag-jogap geçirilýär, şonda esgeriň nazaryýet bilimlerini nähili özleşdirendigi, ony iş ýüzünde ulanmaga taýýarlygy barlanylýar.
Atyş boýunça ýolbaşçynyň birinji kömekçisi haýaljak öwüsýän şemala pasyrdaýan baýdajygy galdyrýar. Bu buýruga bada-bat düşünen nyzamdaky ilkinji orunda duran esger atyş nokadyna okdurylýar.
“Ot açmaly” diýen buýruk ýaňlanýar. Oklar nyşana tarap atylýar, nyşana ýere gaçýar, ýöne ýörite gural ony ýene ýokary galdyrýar, ok sesleri gulagyňy deşere getirýär. Haçan-da, okdanda oklar gutaranda atyjy aýak üstüne galýar, uly torbasyny hem-de agyr awtomatyny egnine atyp yzyna tarap ylgaýar.
Entek beýleki ýoldaşlary onuň ýerine ýetiren tilsimlerini gaýtalamaga ugranlarynda, buýrugy berjaý edip gelen esgere ýolbaşçy “ýaragy gözden geçirmeli” diýen buýruk berilýär. Esger ýaragda ok galmandygyny görkezýär. Ýaraga zeper ýetmändir hem-de ol atylmasyz ýagdaýa getirilýär. Ýolbaşçy buýrugyň ýerine ýetirilen wagty goýberilen ýalňyşlar barada aýdýar, atyjyny mergenligi üçin taryplaýar hem-de nyzama durmaga rugsat berýär.
Ýönekeý ýaly bolup görünýän bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişini synlanyňda, esgerler bilen ýüzbe-ýüz gürrüňdeşlikde onuň nähili çylşyrymlydygyna göz ýetirýärsiň. Oklaryň sesi biziň gürrüňdeşlerimize päsgel berýär, emma olaryň sözlerinden şu pursatda özleriniň ýerine ýetiren işine buýsanjyny aňmak bolýar. Olaryň kalplarynda eziz Watanymyzyň goragynda durmak, Watanymyzyň öňünde mukaddes borçlaryny ýerine ýetirmek üçin islendik synaga taýýarlygyň barha berkeýändigi görünýär.
Soňra atyş boýunça ýolbaşçylar umumy netijeleri yglan edýärler. Esgerler özleriniň bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirendiklerine buýsanýarlar
Gün asmana galýar we howa maýlaýar. Esgerler harby bölüme gelip özlerine berkidilen ýaragyň her bölegini täzeden gözden geçirip, türgenleşik meýdançasyna alyp giden beýleki enjamlary bilen bilelikde ýaragy saklanýan ýerine tabşyrýarlar. Türgenleşiklerden soňra olar ýuwunýarlar. Meýdan eşiklerini çalyşýarlar, ädiklerini arassalaýarlar hem-de naharhana günortanlyk naharyna barýarlar, bu ýerde hemişe aňrybaş arassaçylyk berjaý edilýär.
Bu gün esgerlere üçin çorba, palaw, süýjüli çaý, işdäaçarlar we bananlar äberilýär. Çylşyrymly geçen türgenleşiklerden soňra olaryň köpüsi goşmaça nahar almak mümkinçiliginden hem peýdalanýarlar.
Bu günüň iň agyr synaglary yzda galdy, esgerler tolgundyryjy wakalary başdan geçirdiler, bu baradaky gürrüňler harby bölümde ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Olaryň käbirleri uzak aralykdan nyşanany yzly-yzyna üç gezek urandyklaryny aýtsalar, beýlekiler örän gysga wagtda päsgelçiliklerden geçendiklerini, şol sebäpli hem ähli endam-janynyň ýakymly syzlaýandygyny gürrüň berýärler.
Günortanlyk naharyndan soňra esgerlere dynç wagty berilýär. Käbirleri kitap okaýarlar ýa-da öýlerine hat ýazýarlar, beýleki birleri bolsa telewizoryň daşyna üýşüp, gyzykly gepleşiklere tomaşa edýärler. Şeýle hem olar döredijilik agşamlaryna, bäsleşiklere taýýarlyk görýärler.
Dynç almak üçin berlen wagt tiz geçýär, esgerler ýene-de nyzam meýdançasynda hatara durýarlar. Wzwod serkerdeleriniň ýolbaşçylygynda özbaşdak taýýarlygyň wagty geldi. Gün tertibi, öňde durýan wezipeler hem-de ýakyn wagt üçin meýilnamalar yglan edilýär.
Esgerler okuw otaglaryna barýarlar. Olaryň her birine dürli ugurlar boýunça ýerine ýetirilmeli tabşyryklar berilýär. Harby işiň nazaryýet esaslary diňe bir atmak we ýaragy arassalamak başarnyklary bilen çäklenmeýär. Esgerleriň özleşdirýän bilimleri olary özbaşdak pikirlenmäge, ulagyň dürli görnüşlerinden peýdalanmaga, adamlar bilen gatnaşyk saklamaga, aýratyn kyn ýagdaýlarda beden we ruhy durnuklylygy saklap galmaga mümkinçilik berýär. Şol sebäpli hem türkmen goşunynda hemmetaraplaýyn ösen, örän çylşyrymly wezipeleri berjaý etmäge taýýar esgerler terbiýelenilýär, olaryň başarnyklary bolsa diňe bir harby döwürde däl-de, adaty gündelik durmuşda hem zerurdyr.
Özbaşdak söweşjeň taýýarlygyndan soňra esgerleriň ýaşaýan ýerinde agşamky çäreler gurnalýar. Olar kinofilmlere tomaşa etmegi, terbiýeçilik häsiýetli tanyşdyryş çärelerini, türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň eserlerini okamagy, harby gullukçylaryň özleriniň döredijilik başarnyklaryny açyp görmegi öz içine alýar.
Biz esgerleriň döredijilik çäresine gatnaşyp, Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlan uçurumlaryň saz gurallarynda zehinli ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryny diňledik, çäräniň ahyrynda esgerleriň ikisi aň-düşünje bäsleşiginde çykyş etdi, bu bäsleşik üçin Türkmenistanyň taryhy, ýerleşişi, dürli halklaryň medeniýeti baradaky soraglar, şeýle hem käbir matematiki we logiki meseleler taýýarlanyldy. Sowallara dürs jogaplar joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Şunuň ýaly döredijilik çäreleriniň geçirilmegi esgerleriň arasyndaky dostluk ruhuny pugtalandyrýar, olara birek-biregiň şahsy sypatlaryna baha bermäge we gündelik harby durmuşda umumy dil tapyşmaga ýardam berýär. Şeýle hem bu çäre öz zehiniňi açyp görkezmek we ösdürmek üçin amatly şertdir, eger-de şeýle ýagdaýda öz ýoldaşlaryň goldawy bolmasa, başarnyklaryň açylman galmagy mümkin.
Bu çäreden soňra esgerler naharhana agşamlyk edinmäge gidýärler, olara deňizçiler usulynda taýýarlanylan aş, gyzgyn kotletler, çaý, ýaňyja bişirilen çörek we mesge garaşýar. Her bir minut hasaplanylyp, ýekeje pursat hem artykmaç wagty bolmadyk esgerleriň biriniň hem bellenilen wagtdan gijä galan halatynyň ýokdygyna haýran galýarsyň.
Agşamlyk naharyndan soňra esgerleriň ahyrsoňy boş wagty döreýär, şonda olar çylşyrymly geçen günden soň dynç alyp bilýärler. Bu wagt ýörite düzgünleşdirilmeýär. Her kim öz isleýän işi bilen meşgullanyp biler. Harby bölümiň dürli binalarynda biz gülşüp-degşip oturan, gitarada saz çalýan, okap oturan esgerleriň toparlaryny gördük, şeýle hem tutuş bir sahnanyň görkezilmegi göz öňünde tutulýan ertesi gün geçiriljek çäräniň tertibiniň ara alnyp maslahatlaşylýan ýagdaýyny diňledik.
Agşam sagat dokuza golaýlanda, esgerler “Watan” habarlar gepleşigini diňlemek üçin telewizorlaryň daşyna ýygnandylar. Hemmeleriň ünsi ýurdumyzyň durmuşyndan berilýän soňky täzeliklere hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynda alyp barýan syýasatynyň üstünlikleri baradaky habarlara gönükýär.
Habarlar gepleşigi tamamlanandan soňra, gujur-gaýratdan doly hem-de Watanymyzyň şan-şöhratynyň bähbidine edermenlikleri görkezmäge taýýar esgerler şahsy düzümiň ýerbe-ýerligini barlamak we on minutlyk agşamky gezelenç üçin nyzam meýdançasyna hatara düzülýärler. Olar aýgytly ädimler urup, “Goraýas biz Watanymyzy, obamyzy, şäherimizi! Biz Watanyň, biz Watanyň, Garaşsyz Türkmenistanyň esgeri!” diýip aýdym aýdýarlar.
Esgeriň ýene bir adaty güni tamamlanyp barýar. Olar ýene-de ýatylýan otaglary doldurýarlar. Olaryň güýç-kuwwaty ýeterlik, bellenilen berk gün tertibi hem-de oňa eýermek endigi boýunça esgerler “Ýatmaly!” diýen buýrugy bada-bat ýerine ýetirýärler.
Çyra öçürilýär. Harby bölümde kalbyňy meýmirediji asudalyk emele gelýär…