24-nji ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň
Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.»
kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE»
kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik
geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga
gol çekildi.
Duşuşyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik
geçirijisiniň ähmiýetli bölegini gurmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň hukuk
binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy.
Transmilli energetika ulgamyny Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli ýurdumyzyň çäginde gurmak bilen bagly meseleler ylalaşyldy.