milli goshun logo
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurluşy tassyklandy
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurluşy tassyklandy
13.06.2019 764 Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we köpdürliligini giňeltmek, hyzmatlaryň hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurluşy tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine institut bilen bilelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.