Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynda bu ýokary okuw mekdebiň döredilmeginiň 10 ýyllygyna we ýurdumyzyň
diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylmagyna
bagyşlanan maslahat geçirildi.
Täze merkeziň döredilmegi baradaky başlangyç hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 20-nji dekabrda geçirilen
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň
belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty binýatlaýyn esasda, bitaraplyk,
parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde amala aşyrylýar. Şunuň ýaly strategiýa hyzmatdaşlar
bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, dürli meseleler boýunça köptaraplaýyn
gepleşikleri geçirmäge, özara ylalaşykly çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik
berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag we energetika
diplomatiýasynyň barha artýan ornuny belledi. Bu ulgamda ýurdumyz eýýäm baý
tejribe toplady. Emma wagt üýtgäp durýar hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan
çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyny, ýokary derejeli hünärmenleriň
taýýarlanylmagyny talap edýär, olar öňlerinde goýlan wezipä düýpli
düşünmelidirler hem-de hyzmatdaşlar bilen anyk we hemmetaraplaýyn gepleşikleri
geçirmäge ukyply bolmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow aýtdy.
Şu maksatlar bilen hem DIM-niň Halkara gatnaşyklary
institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ýörite
Okuw merkezini döretmek baradaky çözgüt kabul edildi. Bu merkeziň açylmagy
bilen halkara gatnaşyklary ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy
täze derejä çykarylar, bu bolsa Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän
barlag we seljerme işlerini kämilleşdirmäge, döwrüň talaplaryna laýyklykda bu
ýokary okuw mekdebiň geçirilýän çäreleriniň iş ýüzündäki netijesini
güýçlendirmäge mümkinçilik berer.
Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10
ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän maslahatyň işine ýurdumyzda işleýän diplomatik
wekilhanalaryň we missiýalaryň, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň
ilçihanalarynyň baştutanlary, milli parlamentiň deputatlary, syýasatşynaslar,
iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, Türkmenistanyň birnäçe
ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda institutda alnyp barylýan
işleriň esasy tapgyrlary we netijeleri häsiýetlendirildi, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Daşary işler ministrliginiň
öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiň
geljekki işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiziň 2008-nji ýylda ýurdumyzda halkara
gatnaşyklary ulgamynda hünärmenleriň taýýarlanylmagyna niýetlenilen öz ýokary
okuw mekdebimizi döretmek baradaky kabul eden çözgüdi Türkmenistanyň ösüşiniň
zerurlyklary bilen hem, halkara ýagdaýlar, ählumumy meýilleriň häzirki zaman
depgini bilen hem şertlendirilendir.
Bu ýokary okuw mekdebiň wekilleriniň belleýişleri ýaly, on
ýylyň dowamynda institutda 470 hünärmen taýýarlanyldy, olar dürli ulgamlarda —
diplomatiýa, ykdysadyýet, hukuk, maliýe-bank ugurlarynda, köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde işleýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
daşary syýasat ugrunyň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen
başlangyçlaryna laýyklykda, okuw işleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Dersleri
okatmagyň usulyýetleri baýlaşdyrylýar, ylmy we barlag işleri geçirilýär.
DIM-niň merkezi edarasynyň tejribeli hünärmenleriniň,
ilçihanalaryň, konsullyklaryň hem-de Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky
wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň okuw işlerine çekilmegi ýokary
okuw mekdebinde sapak bermegiň esasy aýratynlygy bolup durýar, olar talyplaryň
öňünde yzygiderli çykyş edýärler, okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň diplomatiýa gullugynyň weteranlary gullugyň işine aýratyn goşant
goşýarlar, olar talyplara we mugallymlara özleriniň baý tejribesini berýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
yzygiderli üns bermegi netijesinde, Halkara gatnaşyklary institutynyň ygtybarly
maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda institutyň
täze binasy açyldy, ol iň häzirki zaman binagärlik ölçeglerine laýyklykda
guruldy hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi, ýokary tehnologiýaly
kompýuter otaglary döredildi, olar okatmagyň innowasiýa usullaryny peýdalanmaga
mümkinçilik berýär.
Bu ýokary okuw mekdebiniň barha giňelýän halkara gatnaşyklary
onuň üstünlikli işlemeginiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda gol
çekilen ylalaşyklaryň esasynda institut birnäçe döwletleriň degişli ýokary okuw
mekdepleri, diplomatik akademiýalary hem-de mekdepleri bilen netijeli
hyzmatdaşlyk edýär.
Hyzmatdaşlaryň hatarynda Russiýanyň Daşary işler
ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty, Hindistanyň Daşary
işler ministrliginiň Diplomatik gullugy instituty, Eýranyň Daşary işler
ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar instituty, Rumyniýanyň Diplomatiýa
instituty, Argentinanyň daşary syýasat edarasynyň Milli diplomatik gullugy
instituty ýaly meşhur hem-de abraýly okuw mekdepleri we beýlekiler bar.
Özara gatnaşyklaryň çäklerinde BMG-niň pikir alyşmalary,
BMG-niň modeli, Durnukly ösüş maksatlary boýunça amaly okuw maslahatlary,
DÖM-ni maliýeleşdirmegiň innowasion usullary boýunça bank edaralarynyň hem-de
hususy ulgamyň wekilleri üçin okuwlar, “DÖM-niň ýaş ilçileri” mowzugy boýunça
düzmeleriň bäsleşigi ýaly çäreler üstünlikli geçirildi. Şeýlelikde, netijeli
hyzmatdaşlygyň çäklerinde ilatyň giň gatlaklarynyň, şol sanda çagalaryň
arasynda 2030 gün tertibi barada bilimleri ýaýratmak başartdy diýip, hanym
Naswlişwili nygtady.
Halkara gatnaşyklary institutynyň 10 ýyllyk senesine
bagyşlanan maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda myhmanlar Türkmenistanyň
diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Okuw merkeziniň açylyş
dabarasyna gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ony açmak baradaky
çözgüdiniň wajypdygyny belläp, täze merkeziň işiniň Türkmenistanyň esasy ýokary
okuw mekdepleriniň biriniň ylmy-barlag we intellektual kuwwatyny
artdyrjakdygyny nygtadylar.
Şu gün bu ýerde ilkinji ýöriteleşdirilen sapaklar
geçirildi. Şolarda ýokary okuw mekdebiniň talyplary diplomatik wekilhanalarda
baý iş tejribe toplan hünärmenleriň Türkmenistanyň energetika, suw we ulag
diplomatiýasy baradaky çykyşlaryny diňlediler. Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy meselelere häzirki garaýyşlarynyň ulgamy
şol diplomatiýanyň esasyny düzýär.