milli goshun logo
Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi
Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi
25.04.2019 701 Habarlar

Düýn  aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, şeýle hem Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde behişdi bedewleriň şanyna giň gerimli dabaralar guralýar.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen bu gezekki uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine ýurdumyzdan we daşary döwletlerden bedew muşdaklarynyň köp sanlysy gatnaşdy.

Bäsleşigiň ugry her biri 30 kilometr bolan iki tapgyrdan düzüldi we Köpetdag şaýolunyň ýakasy bilen gumaksy ýoldan geçýär. Ýaryşa bedewleriň otuza golaýy gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda, Milli atçylyk sport merkezinde, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalarynda hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň athanalarynda seýislenýän bedewler bar.

Bu ýaryşda bedewler diňe bir ýyndamlyk däl, eýsem, öz çydamlylygyny hem görkezmeli bolar. Çapyşyk wagtynda bedewler iki gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçdi. Kada görä, olaryň görkezijisi ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmelidir.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bolar.