milli goshun logo
Türkmen bedewiniň milli baýramy ýokary guramaçylykda belleniler
Türkmen bedewiniň milli baýramy ýokary guramaçylykda belleniler
30.03.2019 1323 Habarlar

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak çäreleriň maksatnamasynda ýöriteleşdirilen sergiler we bäsleşikler, ylmy maslahatlar, çapyksuwarlaryň bäsleşikleri — uzak aralyga atly ýöriş, päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary guramak göz öňünde tutulýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň paýtagtymyzda geçiriljek IX mejlisine, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşar.

Şeýle hem baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň iň owadan ahalteke bedewi halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry, ahalteke atlarynyň gözelligini çeper beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy we milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýän beýleki çäreler guralar.