milli goshun logo
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän çäreler
20.04.2019 1392 Habarlar

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI Halkara ylmy maslahaty hem-de ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar, däp bolan at çapyşyklary guralar. Iň owadan ahalteke bedewini saýlamak ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlener.