milli goshun logo
Türkmen atşynaslygynyň taryhyndaky möhüm sahypa
Türkmen atşynaslygynyň taryhyndaky möhüm sahypa
14.10.2024 165 Habarlar

Şenbe güni – 12-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler degişli hödürnamany bu abraýly sanawa girizmek baradaky çözgüdiň 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edilendigini bellediler. ÝUNESKO-nyň bu çözgüdiniň Türkmenistana we türkmen seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň yhlasyna bildirilen hormatdygyny nygtadylar. Şeýle-de olar ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan atşynaslyk däplerini gorap saklamak, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek ugrunda yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.