Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek,
halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi
türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de «Türkmen atlary» döwlet
birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet
birleşigi hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy
tassyklanyldy.
«Türkmen atlary» döwlet birleşigine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.