Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Garryköl meýdançasynda zähmet çekýän alymlaryna ýaňy-ýakynda kuwwatly elektrogenerator we fotoelektrik milli enjamlar gowşuryldy. Çöli öwreniji alymlar bu ýerde tebigy hadysalara gözegçilik edip, ummasyz ylmy işleri hem tejribe-barlaglary amala aşyrýarlar.
Bu iş gurallary olara on müňlerçe çöl ösümlikleriniň dürli görnüşlerine ideg etmäge we olaryň guraklykda ösüşini, oňa uýgunlaşmagyny öwrenmäge ýardam eder. Döwrebap enjamlar şeýle-de süýşýän çägeleri berkitmegiň netijeli usullaryny kesgitlemekde, şol sanda fitomeliorasiýanyň kömegi arkaly anyklaýyş çäreleriniň giden bir toplumyny geçirmekde ulanylar.