Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahat we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň türk dilindäki nusgasy bilen tanyşdyryş geçirdi.
Çäreleriň çäklerinde gurnalan sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri we Türkmenistanyň medeniýeti hem-de däp-dessurlary barada gürrüň berýän dürli eksponatlar görkezildi. Şeýle hem Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Çärä gatnaşanlara milli tagamlar hödür edildi.
Foruma Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu welaýatynyň gubernatory Ýa. Karadeniz, Kastamonu welaýatynyň häkimi T. Babaş, Kastamonu döwlet uniwersitetiniň rektory S. Aýdyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Türki halklaryň medeniýeti halkara guramasynyň baş sekretary D. Kaseinow, türkmen-türk dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyçlaryna laýyklykda halkara ulag-logistika ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurlygy, energetika ulgamynda wajyp taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem ýurduň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat startategiýasy barada aýtdylar.