1-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Konstitusiýamyza laýyklykda, biz ykdysadyýetimizi döwlete
degişlilikden bazar gatnaşyklaryna geçirmeli. Siziň bilşiňiz ýaly, biz şu
maksat bilen, senagat, ulag we aragatnaşyk toplumynda özgertmeleri geçirdik
diýip nygtady.
Senagat we kommunikasiýa ministrligi
döredildi. Bu ministrlik bahalary we nyrhlary emele getirmek, ulag
akymlaryny guramak, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda döwlet syýasatyny
kesgitlär. Dürli halkara guramalarda döwletimize wekilçilik eder. Şoňa görä-de,
bu toplumyň ähli kärhanalarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar
hususylaşdyrylýar we paýdarlar jemgyýetlerine öwrülýär.
Mejlisiň
barşynda döwlet Baştutanymyz M.Çakyýewe senagat we kommunikasiýa toplumyna
gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz Senagat we
kommunikasiýa ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesine T.Dürhanowy bellemek barada
karara gelendigini habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow oňa işinde üstünlikler arzuw edip, öz orunbasary wezipelerine
mynasyp adamlary saýlap, olary wezipä bellemek üçin ýakyn günlerde teklipleri
hödürlemegi tabşyrdy.