29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Meredow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu desga
polat turbalar bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň türkmen
böleginde turba geçirijiniň hem-de gaz gysyjy desgalaryň gurluşyk işlerine
tehniki gözegçiligi amala aşyrmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen
Gonkongyň degişli kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.
Häzirki
wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginde turba geçirijiler doly kebşirlenip,
türkmen-owgan serhedine eltildi. Kebşirlenen turbalary oturtmak işleri dowam
edýär.
Gaz
geçirijiniň türkmen bölegi üçin kömekçi enjamlary we serişdeleri üpjün etmek
barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň baglaşan şertnamasyna laýyklykda, gaz
geçirijiniň ugrunda uly göwrümli açyp-ýapyjylary gurnamak göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň
Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşyk-gurnama işleri batly depginli
alnyp barylýar.