milli goshun logo
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy bilen bagly meselelere üns berildi
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy bilen bagly meselelere üns berildi
18.12.2020 475 Habarlar

17-nji dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.