Eger-de
siz islendik howa şertinde çalt uçup gitmäge ukyply howa gaýygyny gözleýän bolsaňyz,
muňa ýokary tizlik bilen hereket etmäge ukyply «Thunder Child» taslamasy jogap
bolup biler. Taslamanyň gämi 180 dereje öwrülen ýagdaýynda keseligine galmak
ukyby bar. «XSV-17 Thunder Child»-yň elmydama ýokary güýjüni saklamagyny üpjün
etmek üçin howa girişleri awtomatiki usulda ýapylýar. Pes agyrlyk merkezi diňe
bir gaýygyň üstünde aýlanmagy kynlaşdyrman, eýsem, gark bolandan soň öňki
ýagdaýyna getirýär. Sebäbi suw astynda agyrlyk merkezi gaýygyň iň ýokarsyna
düşende, bu hadysa gaty durnuksyz bolýar we awtomatiki ýagdaýda öňki halyna
gaýdyp gelýär.