08.03.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleriniň okuw-usulyýet ýygnanyşygy
Terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleriniň okuw-usulyýet ýygnanyşygy
22.07.2019 462 Harby Bilim

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen, bu ulgamda ozal däbe öwrülen okuw-usulyýet ýygnanyşygy geçirildi. Döwlet ideologiýasyny wagyz-nesihat etmekde terbiýeçilik işiniň öňünde durýan strategik wezipeleriň we maksatlaryň nukdaýnazary bilen açylan ýygnanyşyk, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek we harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak çygrynda dowam etdi.

Ýygnanyşyga gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda meýilnamalaýyn ýetilen sepgitler dogrusynda doly hasabatlar bilen çykyş edip, ýylyň birinji ýarymynda geçirilen wagyz-nesihat işleriniň, guralan harby-syýasy çäreleriň terbiýeçilik ähmiýetini beýan etdiler.

Şeýle ýygnanyşyklaryň geçirilmeginiň maksady Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby bölüminde edilýän işleri seljerip, bu babatda öňegidişlikleri gazanmak bolup durýar. Şeýlelikde, terbiýeçilik işi ýaly asylly, şol bir wagtyň özünde-de jogapkärli wezipe ynanylan serkerdeler öz zähmet çekýän ýerlerine – harby bölümlerine dolanyp, Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň has-da pugtalanmagyna hem öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

«Milli goşun».