17-nji maýda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
işini kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
tehniki enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek boýunça
görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň döwrüň talabydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitleri daşary ýurtlarda giňden beýan etmek, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça işleri güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.