Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
20-nji fewralynda geçirilen mejlisinde çykyş edip, hususy bölegiň ösdürilmegine
hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm
ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Häzirki wagtda
ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esaslarynda ösdürilýär, halk
hojalygy toplumynyň bu ugrunyň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly
hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilendir. Munuň özi salgyt
ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň
ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Bu çäreleriň
ählisi 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça
yzygiderli durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr. Bu
maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini höweslendirmek arkaly ykdysady
ösüşi we durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Hususy bölegiň
harytlaryň öndürilýän we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmagy
hem-de ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Ýakynda,
fewral aýynyň başynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Ahal welaýatynyň täze,
döwrebap edara ediş merkeziniň desgalar toplumy bina edilende we
enjamlaşdyrylanda zerur bolan enjamlary, tehnikany we gurluşyk serişdelerini
daşary ýurtlardan satyn almak üçin döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1,5 milliard
dollaryna golaý pul serişdesini bölüp bermek hakynda resmina gol çekdi.
Ýurdumyzyň
telekeçileri gurluşyk pudagynda işewürligi ösdürýärler hem-de bu ugurda has iri
şertnamalary baglaşýarlar. Olar iri desgalary, şol sanda Aşgabatda tutuş
ýaşaýyş jaý toplumlaryny, kaşaň myhmanhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda sport we dynç alyş merkezlerini, senagat we gaýtadan işleýän
kärhanalary gurýarlar.
Ozal döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine
Aşgabat-Türkmenabat awtobanyň gurluşygy üçin ABŞ-nyň 2,3 milliard dollaryny,
Lebap welaýatyndaky Düýbi gatan kaliý dökünleri käninde Magdan baýlaşdyryjy
toplumyň gurluşygy üçin 600 million dollary bölüp berdi. Bu mysallar ýurdumyzda
telekeçilik hereketini ösdürmäge gönükdirilen diňe käbir maglumatlardyr.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde
telekeçi — fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny
maliýeleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň
Döwlet daşary ykdysady iş banky OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen karz
ylalaşygyna gol çeker, bu gazna ABŞ-nyň 10 million dollaryny bölüp berer.
Bu
serişdeleriň hasabyna ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileriniň birnäçe
taslamalary maliýeleşdiriler, olaryň önümleri eksporta hem-de daşyndan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige ugrukdyrylandyr.
Türkmenistanyň
Döwlet daşary ykdysady iş banky kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine öz uly
goşandyny goşmak bilen, halkara maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk
edýär, olardan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy böleginde amala aşyrylýan
taslamalary maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini alýar. OPEK Halkara ösüş
gaznasy şeýle edaralaryň biridir.
OPEK Halkara
ösüş gaznasy 1976-njy ýylda döredilen halkara maliýe guramasydyr. Alžir,
Ekwador, Gabon, Indoneziýa, Eýran, Yrak, Kuweýt, Liwiýa, Nigeriýa, Saud
Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Wenesuela bu guramanyň agzalary bolup
durýarlar.
Bu guramanyň
esasy maksady dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermekden
ybaratdyr. Gazna dünýäniň 134 döwleti bilen hyzmatdaşlyk edýär, dürli ýurtlaryň
hökümetlerine döwlet taslamalary we hususy bölegiň taslamalary, söwda işini
maliýeleşdirmek, grantlary bermek üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek onuň
esasy amallarydyr.
Şeýle hem
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hususy telekeçiligiň
ösdürilmegine maliýe goldawyny bermek bilen, 2019-njy ýylyň awgust aýynda
ýurdumyzda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde hususy bölegi
ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasy bilen ABŞ-nyň 10 million dollaryna deň
bolan ylalaşyga gol çekdi.
Hususy oba
hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak maksady bilen bolsa bu bank ABŞ-nyň
«John Credit inc.» kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasyny getirmegi
maliýeleşdirmek üçin 42 million amerikan dollaryndan gowrak karz ylalaşygyna
gol çekmäge taýýarlanýar.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, telekeçileriň alyp barýan
işleri Türkmenistanyň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam etmelidir
hem-de işleriň öňdebaryjy usullaryndan ugur almalydyr, şol sebäpli hem
döwletimiz geljekde hem kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldar, milli
ykdysadyýetimizde onuň ornunyň giňeldilmegine ýardam berer.
Hususan-da,
oba senagat toplumy, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag,
hyzmatlar ulgamy hem-de gurluşyk senagaty ugurlarynda telekeçilere uly orun
degişlidir.
Hormatly
Prezidentimiz senagat toplumynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan
önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berýär. Geçen anna güni bolan
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz 2020 — 2023-nji ýyllarda
senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda
hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi
netijesinde ýurdumyzda elektron senagaty ýokary depginlerde ösdürilýär,
innowasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ugurdaş düzümler emele gelýär.
Mundan
başga-da durmuş tehnikasynyň — gaz we elektrik enjamlarynyň, howur peçleriň,
tozan sorujylaryň hem-de sowadyjylaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça
önümçilikler döredilýär. Bularyň ählisi daşyndan getirilýän harytlaryň möçberlerini
azaltmaga hem-de ilaty köpçülikleýin islegden peýdalanýan harytlar bilen
elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şunda ýokary
netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň ýola goýulmagyna, ähli
pudaklarda sanly ulgamlaryň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna
aýratyn üns berilýär. Sarp ediş harytlaryň önümçiliginiň giňeldilmegi, ýeňil we
azyk senagatyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen birlikde hyzmat we
söwda ulgamlarynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlary gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşiniň ilata hödürlenmegini, ýokary goşmaça bahanyň döredilmegini, ykdysady diplomatiýany hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyny ýurdumyzyň işewürliginiň ösdürilmeginiň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.