7-nji maýda Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler,
paýtagtymyzyň käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda döwlet
Baştutanymyzyň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde
«Türkmen alabaý itleri» merkezlerini gurmak baradaky teklibi beýan edildi. Bu
işiň hususy gurluşyk kärhanalaryna tabşyrylýandygy baradaky habar ýygnananlar
tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi. Mundan başga-da, täze weterinar
bejerişhanalary gurlar.
Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalary öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ünsi çekip,
meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hilli we bellenen möhletinde ýerine
ýetiriljekdigine milli Liderimizi ynandyrdylar.