Düýn – 25-nji noýabrda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň
başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyz Türki
Döwletleriň Guramasynyň alyp barýan işlerine, şol sanda Aksakgallar geňeşiniň
işine yzygiderli gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Aşgabat
şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň
ýokary derejede geçirilendigi bellenildi. «Şeýle abraýly çäräniň biziň
ýurdumyzda geçirilmegi, bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen
ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, bize
bildirilen uly ynamyň we jogapkärçiligiň nyşanydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz
aýtdy hem-de mejlisiň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň we kabul
edilen çözgütleriň diňe bir Aksakgallar geňeşiniň däl, eýsem, Türki Döwletleriň
Guramasynyň hem geljekki ösüşine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.