Düýn – 5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar açyklygy, özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigine üns çekildi. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.