milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
06.03.2025 181 Habarlar

Düýn – 5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-yrak hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürilýär. Muňa taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary umumy bolan iki halkyň köpasyrlyk gatnaşyklary binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistan we Yrak Respublikasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG-niň meýdançasynda, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin yrak tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.