milli goshun logo
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Telefon arkaly söhbetdeşlik
17.05.2025 136 Habarlar

Düýn – 16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ilerledilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.